Halk maslahaty röwşen geljegimiziň şamçyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Halk Maslahatyröwşen geljegimiziň şamçyragy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň ösüşine, mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýändigini, halkymyz Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna ýene sanlyja günlerden 35 ýyl dolýandygyny, bu bolsa Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralaryň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik
Kitap gymmatly hazyna
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň kämil nusgasy
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik