Halkara Atom Energiýa Agentliginiň başlygy Zaparožýe atom elektrik bekedine tarap ýola çykdy

Halkara Atom Energiýa Agentliginiň başlygy Zaparožýe atom elektrik bekedine tarap ýola çykdy

Halkara Atom Energiýa agentliginiň başlygy Rafael Marino Grossi, Ukrainanyň Zaparožýe welaýatynda galýan myhmanhanasyndan gaýtmadan ozal metbugat işgärlerine gysgaça beýannama berdi.

Zaparožýe atom elektrik bekediniň ýerleşýän sebitde şu gün irden hem harby işjeňligiň başdan geçirilýändigini aýdan Grossi, ýola çykmadan ozal ukrainaly resmileriň sebitdäki ýagdaý barada özüne maglumat berendigini mälim etdi.

Sebitdäki howpsuzlyk ýagdaýynyň örän tankydydygyny, şoňa garamazdan ýola çykandyklaryny aýdan Grossi: "Tamamlamagymyz gerek örän uly wezipe bar. Bekediň howpsuzlyk ýagdaýyny iň tiz wagtda gözden geçirmäge başlarys" diýip habar berdi.

Grossiniň beren beýannamasyndan soň wekiliýet, Ukrainanyň polisiýa işgärleriniň ýoldaşlyk etmeginde Zaparožýe şäherinden bekede tarap ýola çykdy.

Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaparožýe atom elektrik bekedi Ýewropanyň iň uly atom elektrik bekedi bolup durýar.

Alty sany aýry reaktory bolan we sagatda 5 müň 700 megawatt elektrik öndürmek mümkinçiligine eýe bolan atom elektrik bekedi, Ukrainanyň jemi elektrik togunyň 20 göterimini üpjün edýär.

Atom elektrik bekedi 4-nji martda ruslar tarapyndan ele salynypdy. Häzirki wagtda hem Russiýanyň goşunynyň gözegçiliginde bolan bekediň töwereginde çaknyşyklar dowam edýär. Ukraina we Russiýa şol hüjümler bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

HAEG-nyň Başlygy Zaparožýe Atom Elektrik Bekedine Baryp Gördi
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda