Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsi geçildi

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.

Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk, ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habar
Eýran Bilen Dartgınlıň Ýeke-täk Günäkäri Netanýahu
Blinken, Azyk Ýetmezçiligi Meselesinde Putini Günäkärledi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Polşanyň Orsýet baradaky täze talaplary ret edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Günäsi geçilenleriň dördüsinde COVID-19 ýüze çykdy