Halkara kinofestiwala gatnaşyjylar Köne Nusaý galasyna baryp gördüler

Halkara kinofestiwala gatnaşyjylar Köne Nusaý galasyna baryp gördüler

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar Köne Nusaý taryhy ýadygärligine bardylar. Olar bu taryhy ýadygärlik bilen ýakyndan tanyşdylar.

Köne Nusaý galasynyň hünärmenleri myhmanlary galanyň döreýiş taryhy bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly hem taryhy maglumatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de hünärmenler halklara kinofestiwala gatnaşyjy myhmanlaryny bu taryhy galanyň syrlaryny açmak üçin alymlar tarapyndan alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.

Belläp geçsek, Köne Nusaý we Täze Nusaý galalarynyň gadymy şäheriniň keşbini häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Bagyr obasynyň golaýynda häzirki wagtda Köpetdagyň etegindäki belentlikde görmek bolýar. Köne Nusaý we Täze Nusaý galalary diňe Orta Aziýada däl, asyl bütin dünýäde belli, meşhur mekandyr.

Köne Nusaý we Täze Nusaý galalarynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi we Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde möwsümleýin işler alnyp barylýar.

Ýene degişli makalalar

Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar
Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýi abatlanylar
Türkmenistanda bilelikdäki arheologiki gazuw-agtaryş işleri dowam etdiriler
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler
Gözelligiň nusgasy türkmen bedewi
Änew gadymy medeniýetiň ojagy