Halkara kitap ýarmarkasy açyldy

20-nji sentýabrda Yragyň paýtagty Bagdatda 24-nji halkara kitap ýarmarkasy öz işine başlady. Bu medeni çärä 15 ýurtdan 600 töweregi ýerli we daşary ýurtly neşirýatlar gatnaşýar.

Bagdadyň halkara kitap ýarmarkasynyň müdiri Ahmed al-Zaki žurnalistler bilen söhbetdeşlikde dürli medeni we döredijilik çärelerini öz içine alýan 10 günlük ýarmarkanyň Yrakda möhüm medeni waka bolup durýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, kitap ýarmarkasy ilkinji gününden başlap, köp adamly boldy, çünki adamlar okamak arkaly arap we halkara medeniýetlerini öwrenmäge çalyşýarlar.

-Ýarmarkanyň dowamynda awtograf-sessiýalary, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de syýasatçylaryň gatnaşmagynda dürli mowzuklar boýunça seminarlar ýaly köp sanly çeper we medeni çäreler geçirilýär diýip, Ahmed al-Zaki sözüniň üstüne goşdy.

Kitap ýarmarkasy Yrakdaky medeni hereketi baýlaşdyrmak, adamlary, esasan hem, ýaşlary okamak endigini ösdürmäge höweslendirmek üçin oňaýly mümkinçilikdir diýip, ýarmarka gatnaşýan Basim al-Azawi aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Terrorizme garşy göreşde täze döwür
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür
Yraga Guryýer Operasiýasy
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak saparyny dowam etdirýär