2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Natalýa Kaluginanyň hem-de Gennadiý Osipowyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Natalýa Kaluginanyň hem-de Gennadiý Osipowyň döreden “Güller”, “Gülälekler”, “Dagdaky ýol”, “Dag peýzažy”, “Çöl peýzažy”, “Gyş”, “Köpetdag”, “Jülge”, “Ýaz”, “Änew metjidi”, “Bahar pasly”, “Güýz”, “Gaýa”, “Kert gaýa”, “Köl” ýaly peýzaž eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Suratkeş Natalýa Kaluginanyň we halypanyň ogly suratkeş G.Osipowyň ähli eserleri diýen ýaly türkmen tebigatynyň gözelliklerini çeper beýan edýär.Halypanyň peýzaž eserleri diýseň özboluşly, suratkeş diňe tebigatyň özüni suratlandyrýar.
Suratkeşiň peýzažlary ähli toparlaýyn sergilere gatnaşýar.Tebigaty çekýän suratkeşleriň arasynda Natalýa Kaluginanyň işleri özüniň reňk öwüşginleri, hakykaty şahyranalyk bilen beýan edýändigi bilen tapawutlanýar.Bu eserleri synlanyňda suratkeşiň sergisine we sungatyna hormatyň has-da artýar.
Peýzaž eserleri nakgaşçylyk sungatynda beýan edilende has-da owadan bolýar.Nakgaşçylyk sungatyndaky peýzaž eserleriniň nesil terbiýesinde uly orny bar. Ýaşlarda Watana bolan söýgüni oýarmakda we gözellik duýgusynyň inçeligini açmakda uly ähmiýete eýedir.
Garagumuň sähralyklary we olarda bitýän ösümlikler, dag we sähra gözellikleri göz öňüňde janlanýar.Watanymyzyň tebigy gözelliklerini sungat eserlerinde beýan etmekde sungat işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler.Bu sergi öz işini 10 gün dowam eder.
