Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Eserleriň her biri ajaýyp Watanymyzyň we onuň zehinli halkynyň žiwopis eserlerindäki özboluşly waspydyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň altynjy ýyl talyby Muhammet Gubaýewiň Geçmişe syýahat atly işi has-da täsirli çykypdyr. Nakgaş surata syn edýänleri orta asyr Merwiniň töweregine syýahata çagyrýar, onda şäher çagy Güneş nurundan doly araba we ter üzüm miweleri şekillendirilipdir... Onuň sag tarapynda Uly Gyz galanyň gözel şekili görünýär.

Nakgaş Merdan Kakabaýew üç bagşynyň Baýar Baýramowyň, Käbe şyh Bakyýewiň we Nazar baganyň portretlerinden ybarat triptihi teklip edýär. Dessançy bagşylaryň dürli nesliniň meşhur wekilleriniň keşbini birleşdirip, žiwopisçi milli aýdym-saz sungatynyň şu ýörelgesiniň dowamat dowamlygyna ünsi çekýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýakup Annanurowyň Toý atly suratynda sahawatly desterhanly, çekeleşikli at çapyşykly we milli oýunly baýram şekillendirilipdir. Onuň uly göwrümli ýordumy myhmansöýerlik ruhuny beýan edip, şadyýan duýgylar döredýär.

Manzarlar tapgyryndan güýz aýlarynyň gözelligini her nakgaş özüçe beýan edýär. Abdyşarip Kalandarow Türkmen derýasy atly suratynda çägesöw kenarlary ýapraklary saralan gyrymsy agaçlardan doly derýa egremçesini şekillendiripdir. Suw üstünde erkana uçuşyp ýören guş sürüsi tebigatyň sazlaşygyny nygtaýar.

Nakgaş Tuwak Sähedowanyň Güýz manzary atly eseri mahmal şöhleleriň dürleri bilen özüne maýyl edýär. Güýzüň tämiz howasy, gyraw inen daragtlar, altynsow reňkli ýapraklar şahyranalygy bilen haýrana goýýar.

Tamara Kiselýowanyň Güýz atly suraty hem şahyranalyga ýugrulan. Tylla güýz eýýäm ýapraklara sarymtyl-gülgüne röwüş çaýypdyr. Gün şöhleleriniň ene topragy öz mähri bilen çoýýan şemalsyz-ýelsiz maýyl güni ýapraklaryň tenekar howasyndan dem alyp, bagda gezmäniň lezzeti bir aýry.

Saparmämmet Mämmedow Köpetdaga bagyşlanan žiwopis eserleriniň dördüsini, Natalýa Kalugina saryltyl-melewşe reňkli Çöl manzary, Walentin Kudrýaşow zümerret reňkli Saglyk ýoly atly suratlaryny sergä teklip edipdirler. Bu işler türkmen topragynyň gözelligini nepislik bilen wasp edýärler.

Baýramçylyk sergisine gelenleriň ünsüni görnüşi we bezegleri ajap keramika işler toplumy özüne çekýär. Türkmenistanyň halk nakgaşy Maral Ataýewanyň ýolbaşçylygnda Medeniýet institutynyň talyplary bu eserler toplumyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlapdyrlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen Mukaddes tugum“ atly sergisi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi
“Diýarym asudaýurdum parahat” atly sergi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy