Hamilton Şumaheriň 19 ýyllyk rekordyny täzeledi

Formula 1 boýunça möwsümiň 12-nji bäsleşigi Portugaliýada geçirildi. 24 ýyldan soň, F1 ýaryşyny guran Portugaliýa “Gran

Prisinde” “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis

Hamilton ýeňiş gazandy. 1-nji orundan başlan Hamilton

66 aýlawy 1 sagat

29 minut 56,828

sekuntda pellehana geldi. Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji ýeňşi boldy. Şeýle-de karýerasyndaky 92-nji ýeňşini gazanan Hamilton

bu ugurda Mihael

Şumaheriň 19 ýyllyk rekordyny täzelemegi

başardy. 35 ýaşyndaky Hamilton 24 ýurtda ýeňiji

bolup, bu ugurda-da öz rekordyny ösdürdi.

Ýaryşda Hamiltondan 25,5 sekunt yza galan finlýandiýaly topardaşy Waltteri Bottas 2-nji,

“Red Bulluň”

niderland sürüjisi Maks Werstappen 3-nji ýeri eýeledi.

Bu ýeňişden soň, utuk aratapawudyny 77-ä çykaran Hamilton möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr

galanda, 7-nji çempionlygyna golaýlap barýar.

Britaniýaly pilot 7-nji dünýä çempionlygyny

gazanan ýagdaýynda bu ugurda-da Mihael Şumaheriň

rekordyna şärik bolar. Hamiltonyň 256, Bottasyň 179 hem-de Werstappeniň 162 utugy bar.

Möwsümiň 13-nji bäsleşigi Emilia-Romagna “Gran Prisi” 1-nji noýabrda Italiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Hamilton 1-nji orna geçdi
F1-iň täze möwsümi başlaýar