Tamamlanyp barýan Formula 1 dünýä çempionatynda “Mersedes” toparynyň iňlis piloty Lewis Hamilton nobatdaky çempionlygyna golaýlaýar.Ol ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Ostin şäherinde geçirilen möwsümiň 17-nji ýaryşynda şu ýylky 9-njy ýeňşini gazandy.
Hamilton ilkinji hatardan başlan ýaryşynda 56 aýlawy 1 sagat 33 minut 50,991 sekuntda tamamlap, karýerasynda 62-nji gezek ýeňiji boldy.Hamiltondan 10,143 sekunt yza galan “Ferrariden” Sebastian Wettel 2-nji, nemes sürüjisiniň watandaşy hem topardaşy Kimi Raikkonen 3-nji ýeri eýeledi.
Bu ýaryşdan soň, Hamilton bilen 2-nji basgançakdaky Wetteliň arasyndaky utuk aratapawudy 66-a ýetdi.Hamiltonyň 331, Wetteliň 265 utugy bar.Toparlaryň arasynda utugyny 575-e ýetiren “Mersedes” topary yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny gazandy.
Onuň ezeli bäsdeşi “Ferrari” topary 17 ýaryşda 425 utuk toplady.Möwsümiň indiki ýaryşy 29-njy oktýabrda Meksikada geçiriler.Bu ýaryşda Hamilton ýeňiş gazanyp, Wettel 5-nji orundan pes netije görkezse, onda britaniýaly pilot wagtyndan öň çempionlygyny yglan eder.* * *Moto GP boýunça möwsümiň 16-njy bäsleşigi Awstraliýada geçirildi.
Bäsleşikde 1-nji hatardan bat alan “Repsol Hondanyň” ispan sürüjisi Mark Markes 27 aýlawy ilkinji bolup tamamlamagy başardy.Ol başlangyçda ornuny aldyrsa-da, 21-nji aýlawda täzeden öňe saýlanyp, pellehanadan 40 minut 49,772 sekuntda geçdi.
Markesden 1,7 we 1,8 sekunt yza galan “Mowistar Ýamahanyň” sürüjileri Walentino Rossi bilen Mawerik Winýales 23-nji orunlary paýlaşdylar. Şeýlelikde, şu ýylky 6-njy, karýerasyndaky 35-nji ýeňşini gazanan Mark Markes çempionlyga bir ädim golaýlady.
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, Markesiň 2-nji basgançakdaky italiýaly Andrea Dowizioso (“Dukati”) bilen arasykynda utuk aratapawudy 33-e ýetdi.Eger-de 29-njy oktýabrda Malaýziýada geçiriljek bäsleşikde Mark Markes 1-nji ýeri eýelese, onda ol karýerasyndaky 4-nji çempionlygyny gazanar.
