Hary bülbül atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Bеrkarar döwlеtiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hоrmatly Prеzidеntimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli sungatymyz dost-doganlygyň nyşany bolup dünýä ýaýylýar.Medeniýet we sungat ussatlarymyza halkara derejesindäki festiwallara gatnaşyp, milli sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüniň halklaryna ýеtirmägе giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 14-15-nji maýy aralygynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilýän Hary bülbül atly 9-njy halkara festiwalyna ençeme döwletlerden döredijilik toparlary gatnaşyp, ýurdumyzdan bu festiwala Türkmengaz döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň Galkynyş folklor topary gatnaşyp, milli folklor sungatymyzy halkara derejesinde dabaralandyrdylar.

Halkara festiwalda Türkmengaz döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň Galkynyş folklor toparynyň çykyşlary milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi.Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

Ýene degişli makalalar

Türkmen halylaryna bagyşlanan söhbetdeşlik
Aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary
Buýsanjymyz ak şäherimiz Aşgabat!
GALKYNYŞYŇ TÄSIN ÇYKYŞLARY AZERBAÝJANDA
SYÝAHATÇYLYK DOST-DOGANLYGYŇ ŞUGLASY
TÜRKMEN ILI TOÝ TUTDY