Harytlaryň 80 göterimi deňiz arkaly daşalýar

Şu günki günde tutuş dünýäde söwda harytlarynyň 80 göterimden gowragy deňiz arkaly daşalýar. 2050-nji ýyla çenli ýük daşalyşyna bolan isleg üç esse artar.Eýsem, deňiz ulag düzüminiň häzirki infrastrukturasynyň şertlerinde bu ýagdaýa nähili jogap agtarmaly? Şu we beýleki meseleler şu hepdede Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) hasabatyna görä, 2017-nji ýylda deňiz arkaly daşalan ýükleriň dünýä boýunça möçberi 3,8 göterim artyp, 10,7 milliard tonnadan ybarat boldy, 2018-2023-nji ýyllar aralygynda bu möçberiň jemi ösüşi hem ýylda 3,8 göterime deň bolar.BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatynyň geňeşiniň agzalary durnukly ösüşiň maksatlaryny ilerletmekde deňiz transportunyň möhüm ähmiýetini nygtap, deňiz transportunyň hyzmatlaryna bolan islegiň barha artmagynyň dünýäniň ilatynyň köpelýänliginiň, sarp edijileriň isleginiň ýokarlanýanlygynyň, senagat işleriniň we söwdanyň ýaýbaňlanýanlygynyň hem-de ýokary depginli urbanizasiýanyň netijeleri bilen berk baglanyşyklydygyny belläp geçdiler.Bilermenleriň pikirine görä, deňiz arkaly ýük daşamak pudagy hemişe öýjükli tehnologiýa we innowasiýanyň ösüşi bilen sazlaşykly gitmeýär, emma bu tehnologiýalaryň köp bölegi pudagyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyryp biler. Ýakyn wagtda BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahatyna agza döwletler geçen 50 ýylyň deňiz transportunyň umumy ýagdaýyna nazar aýlap, onuň ösüşiniň ýakyn ýyllardaky esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýene degişli makalalar

25.10.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy
25.10.2017 | Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker
15.11.2017 | Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
05.03.2018 | “Awazada” “Hazar deňzi durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hazar sebitini durnukly ösdürmegiň ugurlary bilen tanşarlar
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy