Has köp syýahatça garaşýar

Baý taryhy we tebigy baýlyklary bolan Hytaý Halk Respublikasy soňky ýyllarda has köp syýahatçyny özüne çekmek üçin dürli taslamalary durmuşa geçirdi. Ýurt dünýäniň birnäçe döwletiniň raýatlary üçin wizasyz syýahaty ýola goýdy.

Indi bolsa Hytaý daşary ýurtlularyň üstaşyr wizalarynyň möhletini 3 günden 10 güne çykardy. Şeýlelikde, syýahatçylar bu ýurduň 24 şäherinde gezelenç edip bilerler.Pandemiýanyň yzda galmagy bilen Hytaý has köp syýahatçyny çekmegi maksat edinýär.

Hytaýyň Milli migrasiýa edarasynyň maglumatyna görä, şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurda baranlaryň sany 2014-nji ýyldakydan bäri iň ýokary derejä ýetipdir.Akmämmet Annamuhammedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67655e769c8a5_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e769c8a5_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogyna Şagadam mynasyp boldy
TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
TFF-niň kubogy ― 2021: Nebitçi uly hasap bilen Köpetdagdan üstün çykdy
Federasiýanyň Kubogy 2021: “Merw” öňdäki orny eýeleýär
Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy