Hatibzadeh: Eýran, Saud Arabystanynyň gepleşikleri dowam etdirmek baradaky çynlakaý erkine garaşýar

Hatibzadeh: Eýran, Saud Arabystanynyň gepleşikleri dowam etdirmek baradaky çynlakaý erkine garaşýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň Riýadyň gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny görkezmegine garaşýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni hepdelik metbugat ýygnagynda Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan al-Saudyň Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gepleşikleriň netijelidigini öňe sürmegi baradaky EýranPress-yň habarçysynyň soragynyň jogabynda: Täze zat bolmady we biz Saud Arabystanynyň gepleşikleriň täzeden başlamagyna garaşýarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň üstüni ýetirdi: Ozal ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşylýardy, emma gün tertibine täze mesele girizilmedi diýdi.

Hatibzadeh, şeýle hem, Türkiýede "Iliso" bendiniň açylmagy we suw akabasy meselesi baradaky soraga jogap hökmünde: Bilelikdäki suw dolandyryşy bilen baglanyşykly serhet meselesi, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň Eýrana eden saparynyň mowzuklaryndan biridir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýrana eden saparyna ünsi çekmek bilen Rafael Grossi, Eýranyň Atom energiýasy guramasy we Wenadaky ilçihanasy bilen gaty ýakyn gatnaşykdadyr diýmek bilen ol Tährana sapar etmäge çagyryldy we ýakyn wagtda Eýrana ugraýar diýdi.

Eýranyň diplomatik korpusynyň metbugat sekretary AFP-den gelen soraga jogap edip, Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri Kani sapary wagtynda taraplaryň gepleşikler barada netijä gelendiklerini aýtmak bilen derňewler tamamlandy we P4 + 1 agzalary bilen geçirilen söhbetdeşlikde gepleşikleriň dowam etmegiň senesi hem kesgitlenildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Biziň üçin möhüm zat Wenada nädip gowy ylalaşyk gazanyp bolmagydyr diýdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Halkara Atom Energiýa Agentliginiň başlygy Zaparožýe atom elektrik bekedine tarap ýola çykdy
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
HAEG-nyň Başlygy Zaparožýe Atom Elektrik Bekedine Baryp Gördi
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi