Hatibzadeh: Wena gepleşiklerinde Eýranyň pozisiýasy sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy

Hatibzadeh: Wena gepleşiklerinde Eýranyň pozisiýasy sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň 4 + 1 topary bilen gepleşiklerdäki berk pozisiýasynyň ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň doly ýatyrylmagydygyny aýtdy.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň kesgitli syýasatynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2231-nji rezolýusiýasyndaky borçnamalaryna doly dolanyp gelmegidigini aýtmak bilen biz howlukmaýarys we uzaga çekjek oýnuna girmeýäris; Bu gaýdyp geliş derrew, kesgitli we tassyklanylmalydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Pars aýlag sebtine eden saparynyň Wenadaky Bilelikdäki komissiýanyň gepleşikleri bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtmak bilen Zarifiň Pars Aýlagyň ýakasyndaky döwletlerine eden sapary "Remezan diplomatiýasynyň" bir bölegi bolup, beýleki yslam ýurtlarynda hem dowam edip biler diýdi.

Hatibzadeh, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda tussaglaryň alyş-çalşygy barada çap edilen habarlar barada gürrüň gozgap Tussaglar meselesi ýadro ylalaşyga ilteşikli mesele däldir we diňe beýleki mowzuklar ýaly adam meselesidir diýip nygtady.

Hatibzadeh Eýran-Saud gepleşikleri we resmi gatnaşyklary ýola goýmak üçin çynlakaý çäreleri görmek barada beren gürrüňlerinde Eýran, goňşulary, şol sanda Saud Arabystany bilen islendik derejede we islendik görnüşde gepleşiklere hemişe taýýardyr diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Türkmenistanda okuwçylara we talyplara agyz beklemek gadagan edilýär
Diňle: Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Diňle: Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady
Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar