Haýsy eliňde ýazýarsyň?!

Çep eline görä sag elini has köp ulanýan adama saglakaý diýilýär.Köpimiz adatça sag elimizi ulanýarys.Işi çep eli bilen etmäge endik eden adama bolsa, çepbekeý diýilýär.

Haýsy elimizi has köp ulanjakdygymyz çagalykdan belli bolýar.Bütin dünýäde adamlaryň ortaça 90 göterimi saglakaý, 10 göterimi çepbekeý bolup, öran az adam iş edeninde iki elini hem täsirli ulanyp bilýär.Adam beýnisi iki meňzeş bölekden ybarat bolup, sag tarapy bedeniň çep bölegini, çep tarapy bedeniň sag bölegini dolandyrýar. Şeýle-de adamyň ukyp-başarnygy beýnisiniň haýsy tarapyny ulanýandygyna baglydyr.

Mysal üçin, dil öwrenmekde beýniniň çep tarapynyň täsiri uly bolup, bu adamlar köplenç saglakaý bolýar.Emma çepbekeýleriň dil öwrenmek ukyby saglakaýlaryňky ýaly bolmaýar.Gadymy döwürlerde çepbekeý bolmak adaty zat hasaplanmansoň, olaryň sag elini ulanmaklary talap edilipdir.

XIX asyrda geçirilen barlaglarda çepbekeý bolmagyň hem adaty zatdygy anyklanypdyr. Şol döwürler iki eli bilen işläp bilýänleriň beýnisiniň iki tarapyny hem ulanyp bilýändigi sebäpli, olaryň beýnisinden has netijeli peýdalanýandygy baradaky pikir orta atylýar.

Emma bu pikirleriň nädogrudygy soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda subut edilýär. Çepbekeýleriň we saglakaýlaryň arasynda geçirilen tejribede akyl babatda tapawudyň ýokdugy ýüze çykaryldy.Geçirilen barlaglarda iki elini birwagtda ulanyp bilýän adamlaryň hem ukyp-başarnyk babatda beýlekilerden tapawutly däldigi anyklandy.

Sport, aýdym-saz we sungat ýaly aýratyn zehinliligi talap edýän ugurlarda çepbekeýler we iki elini birwagtda ulanyp bilýänler az däl.Italýan suratkeşi Leonardo da Winçi iki elini birwagtda ulanan bolsa, işewür Bill Geýts, futbolçy Maradona, kosmonawt Nil Armstrong, kinoaktýor Çarli Çaplin ýaly meşhur adamlar belli çepbekeýler hasaplanýar.

Gurbanbibi Suhanberdiýewa,Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylsuw şäherçesiniň7-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen I Halkara internet-olimpiadanyň netijeleri mälim edildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary taslamasynyň VIII saýlama bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi habarlar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda