Hazar ýakasynda guşlaryň gyşky sanawy geçirildi

Türkmen alymlary we finlýandiýaly ornitologlar Hazar ýakasynda guşlaryň gyşky sanawyny geçirdiler.Daşary ýurtly hünärmenleriň bu sebite gyzyklanmasy Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsindäki, Ortaýer deňzi we Azow-Gara deňiz sebitlerindäki adatydakylardan üýtgeşik howa şertleriniň ötegçi guşlaryň ozalky gyşlaýan ýerlerini taşlap, has amatly ýerleriň gözlegine çykanlygy bilen düşündirilýär.

Alymlarymyzyň finlýandiýaly kärdeşleri bilen bilelikde toplan maglumatlary işlenildi, olaryň jemi jemlendi we olara seljerme berildi.Netijeleriň görkezişi ýaly, ýurdumyzyň peýdalanylýan ýerlerinde guşlaryň 48 görnüşinden 306 müňden gowragy gabat geldi. Özi-de 250 ýyldan bäri Hazarda geçirilýän ylmy barlaglarda ilkinji gezek TGHB-niň, Türkmenistanyň, beýleki ýurtlaryň birnäçesiniň Gyzyl kitaplaryna, şeýle hem CITES-iň sanawyna girizilen tundra guwlarynyň we kiçi guwlaryň 300-den gowragy duş geldi.

Olar Kol ýarym adasynyň gündogar sebitlerinden demirgazykda Kolyma derýasynyň aşak eteklerine we Polýar aýlawynyň günorta serhedine çenli Ýewraziýa tundrasynyň we tundra tokaýlarynyň howdanlarynda ýaşaýarlar.Howa şertleri kadaly bolanda olar Ýewropanyň demirgazyk-günbatar kenarlarynda gyşlaýarlar, käte Hazarda we Orta Aziýanyň howdanlarynda, Ýewraziýanyň gündogarynda Kamçatkada, Kuril adalarynda, Ýaponiýada, Hytaýda we Indiň aýagynda peýda bolýardylar. Ýene bir bellemeli ýagdaý, Gyzyl ktaba girizilen gorçylaryň 17 müňden gowragynyň gabat gelinmegidir, olaryň aglaba bölegi Demirgazyk Çeleken çägelik zolagynda gyşlady.

Ozallar Balkan aýlagynda sany 10 müňe golaý guşly sürüler duş gelýärdi.Owadan gyzylinjikler Hazar goraghanasynyň simwolydyr.Sanaw geçirilen döwri olaryň sany 3,5 müňden geçýärdi. Ýöne ol asly sanyndan has az görkezilendir, çünki ürkek guşlar käýerlerde has takyk sanaw geçirmäge maý bermeýärdiler.

Daşary ýurtly ornitologlaryň maglumatlaryna görä, gyzylinjikler Türkiýä gyşlaga gitmediler-de, Türkmenbaşy aýlagynda galdylar, eýýäm fewral aýynda 6000 müňden guşly iki süri hasaba alyndy.Ak ganat çirikleriň gelmegi haýran galdyrdy.

Guşlaryň sanalan görnüşlerinden başga-da, Hazarýakasynda tersaýaklar we jübtünler, 4000-den gowrak gogur, 16 müňe golaý derýa ördekleri, Gyzyl kitaba girizilen çümüji ördekler, gök we kekeçli çümgül ördekler, uly we ortaça jübtün ördekler bilen birlikde çümüji ördekleriň 13200-si, sakarbalaklaryň 38000-si, 4500-den gowrak çuluklaryň hem-de çarlaklaryň degişlilikde 13 we 6 görnüşi gyşlady.

Degerli sebäplere görä hünärmenler suwda ýüzýän guşlaryň 82 müňden gowragynyň haýsy görnüşe degişlidigini kesgitläp bilmediler.Sebäbi 1978-1995-nji ýyllarda suwuň derejesiniň göterilip, 2005-nji ýyla çenli bir derejede saklanmagy, soňra suwuň çekilmegi netijesinde kenarýaka zolagynda ýüzlerçe müň gektar ýeriň batga öwrülmegi sebäpli ol ýerlerden hiç hili ulag serişdesi geçip bilmeýär.

Hut şeýle ýerlerde hem gyşlaýan guşlar özüni rahat, howpsuz duýýarlar.Görnüşleri boýunça özboluşly, ýumşak howaly gyş demirgazyk sebitlerden guşlaryň ir uçmagyna getirdi, häzir meýdanlarymyz wagtlaýyn boşap galdy.Indi Afrikada, Günorta-Gündogar Aziýada, Täze Zelandiýada we Awstraliýada gyşlaýan, maýyl howany halaýan guşlaryň gelmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler ýene köpçülikleýin gyrylýar
Aşgabatda Nexus sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar
Köýtendagyň ýerasty dünýäsiniň syrlary: Garlyk gowaklarynyň özboluşly haýwanat dünýäsi
Hazaryň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi tapyldy