Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler ýene köpçülikleýin gyrylýar

Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler ýene köpçülikleýin gyrylýar

Hazar deňziniň türkmen kenarynda düwlenler näbelli sebäpden ýene köpçülikleýin gyrylýar. Deňizçi hünärmenler şu günlerde deňizden düwlen maslyklarynyň onlarçasyny çykarýarlar. Häkimiýetler harbylara deňziň kenarlaryna ýüzüp gelýän düwlenleri atyp öldürmegi tabşyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Deňiz-harby güýçleriniň deňizçi hünärmenleri deňizden ýygnalan düwlen maslyklaryny ýok edýärler. Bu işe deňizçileriň onlarçasy gatnaşýar” diýip, deňizçi hünärmenleriň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Hazar deňziniň düýbünden ýitip barýan endemigi - hazar düwleni Türkmenistanyň Gyzyl kitaby bilen birlikde, 2008-nji ýylda Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna hem girizildi.

Şu günlerde düwlenleriň onlarçasynyň Türkmenbaşynyň, Awazanyň we Çelekeniň kenarlaryna ýüzüp gelendigini hem görse bolýar. Hünärmenler adatça bu jandarlaryň deňziň ilatly kenarýaka böleklerine o diýen gelmeýändigini aýdýarlar.

“Olar adamlardan, hamana, kömek soraýan ýaly şäherleriň kenarlaryna gelip başladylar” diýip, hünärmen belledi.

Bu aralykda, häkimiýetler harbylara kenara ýüzüp gelýän bu düwlenleri atyp öldürmegi tabşyrýarlar. Deňizçi hünärmenler bolsa, häkimiýetleriň bu tabşyrygyna nägilelik bildirýärler.

“Döwlet düwlenleri gereksiz hasaplaýar. Düwlenler hem öýsüz itler we pişikler ýaly gyrylsa, bu jandarlaryň hem ýitip gitmek howpy bar. Olary atyp öldürmegiň deregine, döwlet deňiz pişiklerini öwrenýän hünärmenleri köpeldip, olary halas etmek ugrunda tagalla etse gowy bolardy” diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlyk bu barada ýerli häkimiýetlerden kommentariý alyp bilmedi.

Awlanylmagy düýbünden gadagan edilen, Hazar döwlet goraghanasynda we onuň çäkli goraghanasynda goralýan düwlenleriň bedeniniň uzynlygy 130155 sm, agramy 5085 kg barabardyr.

Soňky onýyllyklarda düwlenleriň köpçülikleýin ölümi her birnäçe ýyldan bir gezek hasaba alynýar.

Geçen ýylyň dekabrynda-da, Hazar deňziniň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi peýda bolupdy. Bu waka, Hazaryň Russiýanyň Dagystan respublikasyndaky kenarynda 2 müň 500 çemesi düwlen maslygynyň tapylan mahalyna gabat gelipdi.

Deňizçi hünärmenler her ýylyň gyş we bahar pasyllarynyň başynda düwlenleriň maslyklaryny deňizden çykarmagyň tas däbe öwrülip barýandygyny hem aýdýarlar.

“Muny aýtmagymyza soňky ýyllarda düwlen maslyklarynyň her ýyl diýen ýaly peýda bolmagy sebäp bolýar” diýip, balkanly hünärmen belledi.

Şu günki gün düwlenleriň köpçülikleýin heläkçiliginiň sebäpleri barada bir zat aýtmak kyn. Sebäbi düwlen maslyklarynda haýsydyr bir analiziň geçirilýändigi ýa-da geçirilmeýändigi barada maglumat ýok.

Ýöne türkmen hünärmenleri düwlenleriň köpçülikleýin gyrylmagyna Hazar deňzindäki ekologiýanyň bozulmagynyň, nebit gazuw-agtaryş işjeňliginiň, deňiz-harby türgenleşikleriň we kenarýakalarda zawodlaryň köpelmeginiň täsir edýändigini çaklaýarlar.

Geçen ýylyň ahyrynda Moskwa döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň Okeanologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Sergeý Muhametow Kawkaz.realii gullugyna beren maglumatynda düwlenleriň gyrylmagyna “seýsmiki işjeňlik sebäpli metan zyňyndylarynyň bölünip çykmagynyň günäkärdigini çaklap bolar” diýipdi.

Türkmenistan ýangyç-energetika desgalaryndan syzyp çykýan metan zyňyndylary bilen howany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýar.

Ýöne Azatlyk düwlenleriň gyrylmagy bilen ýurduň metan syzmalarynyň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy düwlenleriň köpçülikleýin gyrylmagy we onuň mümkin sebäpleri barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hazaryň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi tapyldy
Maslahatda bioköpdürliligi saklap galmaga üns berildi
Köýtendagyň gyş manzarlary
Bilelikdäki topar alajagaplaňlaryň ýaýran sebitlerine gözegçilik geçirdi
Hazar ýakasynda guşlaryň gyşky sanawy geçirildi
Köýtendagyň ýerasty dünýäsiniň syrlary: Garlyk gowaklarynyň özboluşly haýwanat dünýäsi