Köýtendagyň gyş manzarlary

Köýtendaga gyş Türkmenistanyň beýleki sebitlerinden ir gelýär.Ýurdumyzyň günorta-gündogaryndaky dag erezlerinde Türkmenistanyň iň beýik depesi Aýrybaba belentligi (3139 m) ýerleşýär. Şu ýyl eýýäm oktýabrda ilkinji gar ýagdy. Gyşyň gelmegi bilen 1000 metrden belent gaýalaryň ählisi gar bürendi.

Gudrat göreý diýseň daglara bar --diýen pähim bar. Dogrudanam, gyşyň gelmegi bilen dag erezleri özgerýär, üýtgeşik gözelligi bilen seni haýrana goýýar. Gar bürenen gaýalar elýeterde ýaly görünýär, hamala, dag landşaftynyň iň alys ýerlerem görünýän ýaly bolýar. Aslynda welin ol göze şeýle görünýär, sebäbi-de gyş ygallary howany tozandan arassalaýar. Gyş pasly daga çykmak has-da çylşyrymly.

Gyşda dagdan, zereň, buhara badamy, üçgat, hakyky pisse ýaly ýaprakly agaçlar ýapragyny dökýärler. Diňe zarewşan arçasy hemişe göm-gök bolup oturandyr.

Şu ýylyň güýzünde ygal bol ýaganlygy sebäpli jülgeleriň käbirinde hat-da gyşda hem gök örtükli açyk meýdanlar göze ilýär.

Ýyly howany halaýan guşlaryň köpüsi nesil edinmek üçin günorta illere gitdi.Indi olaryň höwürtgelän Daraýdere we Kyrkgyz jülgeliklerindäki arnap jeňňeljiklerinde gyş höküm sürýär.Tebigatda seýrek duşýan çymçyk hem mekanyny terk etdi.

Goraghananyň ylmy işgärleriniň gözegçiliklerine laýyklykda, her ýyl Köýtendagda bu gyşlaryň 40 jübti ýaşaýar. Çymçyk TGHB-niň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir, ol Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda haýwanlaryň goralýan görnüşleriniň biridir.

Häzirki wagtda süýrenjilere gabat gelmersiň olar gyş ukusyna gitdiler. Toýnakly iri haýwanlardan burma şahly dag tekesi we aýrak dekabryň ahyryna çenli nesil köpeltmegiň ugrunda bolýarlar.

Goraghanada goşa toýnaklylaryň müňden gowragy bar.Gyşyň başynda olar süri bolýarlar: burma şahly dag tekesi 70-80, aýraklar 40-50 baş bolup toparlanyşýarlar. Häzir goraghananyň işgärleri üçin gyzgalaňly, ýagny olaryň hasaba alynýan döwrüdir.

Ýene degişli makalalar

AJAÝYP KÖÝTENDAG
Köýtendagyň ýerasty dünýäsiniň syrlary: Garlyk gowaklarynyň özboluşly haýwanat dünýäsi
Türkmenistanda aýazly gyş möwsümi dowam edýär: Köýtendag daglary gar bilen bilen örtüldi
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler