Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler

Her ýyl 5-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi giňden belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Türkmen halky özüniň baý medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary bilen dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine öz goşandyny mynasyp derejede goşan milletdir.Gaýtalanmajak gözellige eýe bolan ene topragymyz özüniň tebigaty bilen göreni haýran edýär. Çogly güneşi, gojaman daglary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanalýan gadymy hem müdimi türkmen topragynyň şeýle ajaýyp we täsinliklere baý ýerleriniň biri hem ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendagdyr.

Gojaman Köýtendagy etekläp oturan Hojaýpil obasynda ýerleşen taryhy-arheologik ýadygärlikler türkmen tebigatynyň özboluşlylygydyr.Gözel Köýtendag barada söz açylanda ilki bilen göz öňüňde janlanýan keşp, elbetde, deňiz derejesinden takmynan 1300-1600 metr ýokarda ýerleşýän Hojaýpil obasydyr. 1980-nji ýylda tapylan dinozawrlaryň yzlary dünýä taryhçylarynyň we arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär. Ýerli ilat bolsa olary Isgender Zülkarneýniň pilleriniň yzlary diýip pikir edipdirler. Ýeri gelende aýtsak, bu aýak yzlarynyň ululygy 65-70 santimetre ýetip, ädiminiň doly uzynlygy 200-220 santimetre barabar bolupdyr.

Bu ýerde jemi 400-den gowrak aýak yzlarynyň bardygy alymlar tarapyndan anyklanyldy.

Türkmen tebigatynyň bu künjegi diňe bir dinozawrlaryň aýak yzlary bilen meşhur bolman, eýsem, Köýtendag özüniň Türkmenistanda iň beýik nokady Aýrybaba depesi (3139 metr), 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, Köýten obasynyň golaýyndaky gadymy uly çynar agajy, 500 ýaşly arça agajy, Gap-gotan we Kyrkgyz gowaklary, galyberse-de ýerasty gowaklary bilen hem bütin dünýäde meşhurdyr. Ýerasty gowaklar özüniň owadanlygy, uzynlygy bilen tebigatymyzyň gaýtalanmajak özboluşlylygydyr.

Gap-gotan gowagynyň uzynlygy 56 kilometre deň bolup, ol dünýäde iň uzyn gowaklaryň biri hasaplanýar.Ady agzalan gowaklar özleriniň stalaktitleri, stalagmitleri (gowagyň ýokarsyndan başaşak sallanýan minerallar), stalagnatlary, daşlardan emele gelen şekilleri we gymmat bahaly mermer oniksleri (açyk we goýy reňkde) bilen ýerasty ymaratlary ýadyňa salýar.

Gowak ajaýyp tebigy emele gelmesi boýunça GDA döwletleriniň arasynda Kungur we Krym gowaklaryndan soň üçünji ýeri eýeleýär.Bu ýerde türkmen tebigatynda emele gelen gözellikler, täsin galdyrjak ajaýyp şekiller emele gelipdir.

Bu gaýtalanmajak tebigatyň täsinligini bolsa, bu ýere gelen her bir adam öz gözleri bilen görüp biler.

Mundan başga-da, Köýtendagyň iň bir täsin ýerleriniň biri-de Garlyk şäherçesidir.Bu ýerde ýerasty geçelgeleriň tutuş toplumy bar.Bütin dünýäde mälim bolan, häzirki wagtda ylmy taýdan öwrenilýän Köýten kör gölesi ady bilen tanalýan balygy hem bu ýerde görmek bolýar.

Täsin tarapy bolsa, bu gözsüz we endamy ýylmanakdan şöhleli balyklar dünýäniň başga hiç ýerinde gabat gelmeýär.Bu täsin balyklar süri-süri bolup, suwuň 4-5 metr aşagynda ýaşaýarlar.

Balyklaryň umumy jemi 150-ä golaý bolup, olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Gojaman Köýtendaga gadam basan her bir adam bu ajaýyp künjegiň gaýtalanmajak, özboluşly tebigy gözelligini, bürgüdiň ganaty deýin ýaýylyp ýatan ýaýlalaryny, ümzügi asmana sary uzaýan keremli daglaryny, syrlar älemini özünde gizlän täsin gowaklaryny, daglaryň göwsüni parran ýaryp, akyp ýatan tereň çeşmelerini görüp bendi bolýar. Bu ajaýyp täsinlikler bolsa görenleri ýene bu gözellikleri görmäge çagyrýar.

Batyr ILAMANOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
AJAÝYP KÖÝTENDAG
Köýtendagyň gyş manzarlary