Hekem Audit HK täze hyzmaty işewürlik üçin buhgalteriýa hasabatyny işe girizýär

Hekem Audit HK täze hyzmaty  işewürlik üçin buhgalteriýa hasabatyny işe girizýär

Hekem kompaniýasynyň kärhanalar toparynyň düzümine girýän Hekem Audit HK täze hyzmat fiziki we ýuridiki şahslar üçin buhgalteriýa hasabaty barada habar berýär.

Hekem Audit HK-niň hünärmenlerine ýüz tutmak bilen, buhgalteriýa amallary we buhgalteriýa hasabatynyň guramaçylygyna maglumat tehnologiýalaryny girizmek boýunça, şeýle hem salgyt salma we salgyt hasabaty bilen baglanyşykly meseleler boýunça professional derejeli maslahat almak mümkindir.

Müşderiler buhgalteriýa hasabatyny ýöretmek we gaýtadan dikeltmek, hasabat syýasatyny kesgitlemek, maliýe we statistika hasabatlaryny düzmek hem-de bermek, zähmet hakyny hasaplamak, başlangyç resminamalary we kassa amallaryny gaýtadan işlemek boýunça şertnama baglaşyp bilerler.

Kärhananyň bu ulgamda baý tejribesi bolan hünärmenlerine ýüz tutmak birnäçe möhüm aýratynlyklara eýe bolmaga kömek eder: gönüden-göni girdeji getirýän amallarda ünsüňi jemlemek mümkinçiligi, guramaçylyk-tehnika serişdelerine, kanselýariýa harytlaryna we iş orunlaryna çykdajylary azaltmak, maliýe serişdelerini we wagty tygşytlamak, kesel, zähmet rugsady ýa-da buhgalteriň işden çykmagy zerarly işiň durmak töwekgelçiligini peseltmek.

Hekem Audit müşderilerine hususy çemeleşme we berilýän maglumatlaryň gizlinligini saklamak boýunça kepillik berýär.

Ýatlatsak, Hekem kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlary şulary öz içine alýar:

Hekem Audit HK-niň hem-de Hekem kompaniýalar toparynyň beýleki kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlary barada has anyk maglumatlary hekem.com.tm saýtyndan alyp bilersiňiz. Mugt maslahat almak üçin telefon belgisi: (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 82 54.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Atlantikada 4 müň sany gymmatbaha awtoulagly gämi ýanýar
Volkswagen Russiýada awtoulaglarynyň önümçiligini bes edýändigini mälim etdi
Awtoýoly müşderilere täze ýokary hilli tekerleri hödürleýär
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
“Watan mukaddesligi” muzeýinde “Audiogid” hyzmaty ornaşdyryldy
Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)
Audi täze konseptual elektromobilini hödürledi