Hem çempion, hem kubogyň eýesi

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Altyn asyr” topary ýeňiji boldy.Aragatnaşykçylar finalda “Ahal” topary bilen duşuşdy.Turuwbaşdan oýnuň jylawyny elinde saklan “Altyn asyr” 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Gollary 12-nji minutda penaltiden Serdar Geldiýew, 32-nji minutda Mihail Titow hem-de 70-nji minutda Begençmyrat Myradow derwezä girizdi. Şunlukda, “Altyn asyr” topary 2009-njy, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllardan soň, 4-nji gezek Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy. “Altyn asyr” topary golaýda tamamlanan milli çempionatymyzda-da çempionlyk gazanyp, kubok ýaryşyndaky ýeňşi bilen şol çempionlygyň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda