Hem futbolçy, hem tälimçi

Russiýa 2018 Dünýä Kubogyndan soň, milli ýygyndy bilen hoşlaşan ýaponiýaly Keisuke Honda hem oýunçy, hem-de tälimçi boldy. 32 ýaşly ýarymgoragçy çempionatdan soň, Meksikanyň “Paçuka” klubundan Awstraliýanyň “Melburn Wiktori” toparyna geçdi. Şol birwagtyň özünde-de, ýaponiýaly ýyldyz futbolçy Kambojanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellendi.

Ol bu barada: — Birnäçe aý ozal, Kambojanyň futbol federasiýasyna milli topara tälim bermek isleýändigimi aýdypdym.Olaram teklibimi kabul etdiler.Muny köp wagtdan bäri arzuw edýärdim.Aslynda, çempionatdan soň, futboly taşlamak isleýärdim. Ýöne “Melburn Wiktori” topary-da şertnama baglaşmagy teklip etdi. Üstesine-de Kambojanyň milli toparynyň tälimçisi bolmagyma-da uly hormat goýdular — diýip, metbugat ýygnanyşygynda aýtdy.

Honda Ýewropada SSKA-da 5, “Milanda-da” 4 ýyl oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň täsin hiňňildikleri
Jaň sagadyň sazy irdenki argynlyga täsir edýär
Wodorod ýangyçly Hyundai Nexo geçen ýoly boýunça täze dünýä rekordyny goýdy
Ýaşamak üçin amatly şäherler
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Dünýäniň iň owadan köçeleri
Olimpiýa oýunlary iň köp haýsy şäherlerde geçirildi?