Hemmelere elýeterli ulag bolar

Häzirki wagtda günsaýyn sany artýan elektroulaglar adaty ýangyçly ulaglardan gymmat satylýar.Emma tehnologiýanyň ösmegi bilen bu ulaglaryň bahasynyň hem has elýeterli bolmagyna sebäp bolýar.Italiýanyň “Fiat” kompaniýasy kiçi göwrümli elektroulaglarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýär.

Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli 4 sany aýratyn elektroulag nusgasyny satuwa çykarar. “Stellantis” toparynyň agzasy bolan brendiň soňky öndüren elektroulagy şäheriçi ulagy hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy.Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu ulagyň has arzan nusgalaryny döretmegi maksat edinýärler.

Bu ulag beýleki sebitlerde satylýan hem bolsa, esasan, Ýewropa ýurtlarynda uly islegden peýdalanýar.Täze dörediljek dört elektroulagyň üçüsi “krossower”, biri “heçbek” görnüşli bolar. “Heçbek” ulagy “Ford Fiesta”, “Volkswagen Polo” we “Opel Corsa” ulaglary bilen bäsdeşlik eder.

Bu barada berlen maglumatda ulagyň ululygynyň häzirki wagtda önümçilikden aýrylan “Punto” modeli bilen deňeçer bolar. “Krossower” ulaglarynyň biriniň ady “Panda” bolar.Ulaglaryň ähli görnüşiniň önümçilige taýýar edilendigi habar berildi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Oliwýer Fransua “Fiat”-yň halkyň elektroulagy bolmalydygyny we elektroulaglaryň bahasynyň arzanlatmaly boljakdyklaryny aýtdy.

Merdan Joraýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
Ilkinji zawodyny gurar
Ferrari Stellantis-den ozdy
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Elektroulag batareýa zawodyny gurarlar