Hermitage Home Interiors sergi otagynda Ýewropa haryt nyşanlarynyň duş ulgamlary hödürlenýär

Hermitage Home Interiors sergi otagynda Ýewropa haryt nyşanlarynyň duş ulgamlary hödürlenýär

Hermitage Home Interiors kompaniýasy hammam otagy üçin önümleriň dürli görnüşleri barada habar berýär. Sergi otagynda aşhana we hammam otaglary üçin Hansgrohe nemes haryt nyşanynyň köptaraplylygy, öňdebaryjy dizaýny we ýokary hil derejesini özünde jemleýän innowasion çözgütleri hödürlenýär.

Häzirki günde Hansgrohe bu garyjy serişdeleri we duş toplumlaryny öndürmek boýunça dünýäniň ykrar edilen öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir, onuň bütin dünýäde 10 sany zawody (4-si Germaniýada ýerleşýär) we köp sanly söwda bölümleri hem-de wekillikleri bardyr.

Duş ulgamlary üçin innowasion esbaplar, goý, ol ilkinji gezek gurnalýan bolsun, ýa oturdylan goşmaça enjam bolsun, hammam otagynyň gymmatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýärler.

Ähli innowasiýalar suwdan lezzet almaga, şonuň bilen birlikde, oňa aýawly we tygşytly çemeleşmäge gönükdirilendir. Hansgrohe kompaniýasynyň önümleriniň aýratyn tapawutlanýan taraplary suwuň hiline we akymyň güýjüne täsir etmezden, ony tygşytlamaga mümkinçilik berýän EcoSmart hem-de suwuň akymyny howa bilen baýlaşdyrýan, ony ýumşak, has göwrümli we ýakymly edýän AirPower ýaly tehnologiýalardyr.

Hermitage Home Interiors sergi otagynda Axor kompaniýasynyň hammam otaglary üçin naýbaşy harytlary hem hödürlenýär.

Axor kompaniýasy kaşaň hammam otaglary üçin özboluşly esbaplary işläp düzýär we öndürýär. Axor kompaniýasynyň Filipp Stark, Antonio Çitterio, Žan-Mari Masso, Barber we Osgerbi ýaly dünýä meşhur dizaýnerler bilen hyzmatdaşlykda döreden toplumlary rakowinalar, wannalar we duş zolaklary üçin dürli stilde ýerine ýetirilen önümleri özünde jemleýär.

Islenik hammam otagynyň içki bezeginiň bitewi keşbini emele getirmek üçin Axor esbaplaryň dürli görnüşlerini hödürleýär: garyşy serişdeler, duşlar, döwrebap gurnama tehnologiýalary ornaşdyrylan termostatlar we suw akdyryjy ulgamlar.

Hödürlenýän harytlaryň ähli görnüşleri bilen hermitage.tm resmi saýtynda has içgin tanşyp bilersiňiz. Ýa-da kompaniýanyň şu salgyda ýerleşýän sergi otagyna baryp görüp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 39, Ussat SM.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 75 28 75. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: hansgrohe.ru; sansit.ru; axor-design.com; hermitage.tm

Ýene degişli makalalar

BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar
1995-nji ýyldan bäri 27 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
BMG Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça ýardam edýär
64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?
Kim, haçan oýlap tapdy?
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar