Hindi ýazyjysy Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy

Hindi ýazyjysy Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy

Hindistanly ýazyjy zenan Gitanjali Şri Halkara Buker baýragyna “Çägeli mazar” (Могила из песка) atly romany üçin mynasyp boldy. Bu abraýly edebiýat baýragyna mynasyp bolan ilkinji hindi dilinde ýazylan romandyr diýip, “The New York Times” neşiri ýazýar.

Kitaby iňlis diline amerikaly Deýzi Rokwelli terjime etdi. Eserde 80 ýaşynda ýanýoldaşy aradan çykan ene barada gürrüň berilýär, ol adamsynyň wepat bolmagyny agyr başdan geçirýär we birdenkä Pakistana gitmek kararyna gelýär.

Gitanjaly we Rokwell möçberi 50 müň britan funty bilen pul sylagyny paýlaşarlar. Olara baýrak Londonda gowşuryldy.

Bu ýyl baýragyň esasy dalaşgärleriniň altysynyň bäşisi zenan ýazyjylar boldy.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji gezek “Buker” baýragyna eýe boldy
Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesi belli boldy
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
Aşgabatda ÝHHG-niň žurnalistler üçin iki günlük okuw-treningi geçirilýär
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
FIFA 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany adyna dalaşgärleriň üçlügini mälim etdi