“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 23-nji tapgyrynda çempionlygy kesgitlejek oýun boldy.Soňky çempion “Liwerpul” öz meýdançasyndan öňki çempion “Mançester Sitini kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda ýer eýeleri erjel oýun görkezse-de, soňlugy bilen, myhmanlar 41 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 2003-nji ýyldan soň “Liwerpuly” ilkinji gezek myhmançylykda ýeňmegi başaran “Mançester Sitiniň” gollaryny Ilkaý Gündogan (49, 73), Sterling (76) hem-de Foden (83) derwezä girizdi. 2021-nji ýyla geçip, “Anfild”-de ýeňiş gazanyp görmedik “Liwerpulyň” çempionatyň çäginde “Anfild”-däki şu ýylyň ilkinji goluny Mohammed Salah penaltiden derwezä girizdi.

Oýnuň 1-nji ýarymynda Ilkaý Gündogan 37-nji minutda penaltini dürs urup bilmedi. “Liwerpulyň” derwezeçisi Allison Beker soňky 2 golda örän gödek uly ýalňyşlyk goýberdi. 23 tapgyrda 40 utuk jemlän “Liwerpul” geçen ýylky derejesinden 27 utuk az toplady. “Mançester Sitiniň” tälimçisi Pep Guardiola karýerasy boýunça ilkinji gezek yzly-yzyna 14 duşuşykda (ähli ýaryşlarda) ýeňiş gazandy.

Bir oýny kem 50 utukly “Mançester Sitiden” 10 utuk yza galan “Liwerpul” kem-kemden çempionlyk ýaryşynyň daşynda galýar.

The post “Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Transfer täzelikleri
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy
Çempionlar ligasynyň iň gowulary
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
http://zamanturkmenistan.com/?p=26471