Çempionlar ligasynyň iň gowulary

UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasynyň dowamynda ýaryşda geçen möwsümde tapawutlanan oýunçylar hem mälim edildi. Çempion “Liwerpulyň” goragçysy Wirgil Wan Deýk super ýyldyzlar Lionel Messi (“Barselona”) we Kristiano Ronaldodan (“Ýuwentus”) öňe saýlanyp, Çempionlar ligasynda geçen möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanyldy.

Ol iň gowy goragçy baýragyna-da laýyk görüldi. Şeýle-de Wan Deýkiň topardaşy, braziliýaly Allison Beker iň gowy derwezeçi, “Aýaksdan” “Barselona” transfer bolan Frenki De Ýong iň gowy ýarymgoragçy baýraklary bilen sylaglandy. 12 gol bilen netijeli oýunçylaryň sanawynda 1-nji ýeri eýelän argentinaly super ýyldyz Lionel Messi iň gowy hüjümçi diýlen ugurda, Ronaldo we Sadio Maneden (“Liwerpul”) öňe saýlandy.

Ol bu hormata 2-nji gezek mynasyp boldy. Şeýle-de bir wagtlaryň ýyldyz futbolçysy, fransiýaly Erik Kantona UEFA Prezidentiniň ýörite baýragyna laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
http://zamanturkmenistan.com/?p=26471
FIFA-da ýylyň iň gowulary
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi