Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi

Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny kesgitledi.

Germaniýanyň "Bawariýa" futbol klubunyň oýunçysy Manuel Noýer 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi.Ol ses berişlikde Madridiň “Atletikosynyň” derwezebany Ýan Oblak bilen “Liwerpulyň” derwezebany Alisson Bekerden öňe geçdi. 34 ýaşly Noýer geçen ýyl "Bawariýa" bäş sany baýragy almaga kömek etdi.

Olar — Germaniýanyň çempionlygy, Germaniýanyň kubogy we Super kubogy, şeýle hem Çempionlar ligasy we UEFA-nyň Super kubogy.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
FIFA, The Best ― 2020: Manuel Noýer ― ýylyň iň gowy derwezeçisi
Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär