Hindistandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Hindistandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Hindistanda ýekşenbe güni geçirilen dini çäre üçin bir ýere jemlenişen hristianlaryň baran kongres merkezinde bolan partlamada ýogalanlaryň sany 3 adama ýetdi.

Resmiler Ýehowanyň şaýatlary toparyna agza adamlaryň dini çäre geçirmek üçin ýygnanan kongres merkezinde bolan partlamada ýaralananlaryň sanynyň bolsa 50 adama ýetendigini habar berdiler.

Polisiýa gullugy partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan Dominik Martini göz tussaglygyna aldy.

Ýehowanyň şaýatlary toparynyň ozalky agzasy bolan Dominik Martiniň polisiýa gullugyna boýun egmeden ozal sosial media platformasy Facebook-da partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýan wideo paýlaşandygy mälim edildi.

Dominik Martiniň wideo ýazgyda Ýehowanyň şaýatlarynyň teologiýasynyň ýalňyşdygyny pikir edýändigi üçin partlama amala aşyrandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Dominikan Respublikasyndaky tussaghanalaryň birinde ýangyn boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Boris Jonson Beýik Britaniýanyň premýeriniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin ýeterlik goldaw aldy
Prezident saýlawlarynda öňde barýar