Hizbullah Ysraýyla Hüjüm Gurady

Hizbullah Ysraýyla Hüjüm Gurady

Hizbullah, Liwanyň günortasyndan Ysraýyla garşy dürli görnüşli ýaraglar bilen 11 hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hizbullah, Liwandan Ysraýyla garşy soňky 24 sagatda guralan hüjümler hakynda beýannama berdi.

Beýannamada, Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky Hula etrapçasyna guran we 3 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümine garşy Ysraýylyň Kirýat Şmona we Kfar Blum etrapçalaryna onlarça raketanyň atylandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby radiosy bolsa, Liwandan Kirýat Şmona 30 raketanyň atylandygy, 10 raketanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup düşürlendigi bellenildi.

Ysraýylyň harby goşuny bilen Hizbullah hereketiniň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda Hizbullaha agza 232, liwanly asuda ilatdan 48, Emel hereketine agza 11, Hamasa agza 12, Yslamy Jihada agza 12 adam bilen Ysraýyly 6 adam bilen 11 esger ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy
Ukrain Gallasynyň Dünýä Bazarlaryna Çykarylmagy Ýurtlaryň Özlerine Bagly
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Forbes: Ilon Mask iň baý amerikalylaryň sanawynda birinji
Ýylyň garaşylýan filmleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny