Hokkeýde 21-nji asyryň iň gowy goly saýlandy

Hokkeýde 21-nji asyryň iň gowy goly saýlandy

Waşington klubynyň russiýaly hüjümçisi Aleksandr Oweçkiniň Finiksa garşy geçiren şaýbasy NHL-de janköýerleriň garaýşy boýunça 21-nji asyryň iň gowy goly hökmünde saýlandy.

Sportsnet neşiriniň bilermenleri 2000-nji ýylyň ýanwaryndan bäri geçirilen 140 müň şaýbanyň içinden saýlaw etdiler. 32 sany finalçy ýüze çykaryldy. Şolaryň içinden ýeňijini sosial torlarda ses bermek arkaly hokkeý janköýerleri saýladylar. 2006-njy ýylda russiýaly hokkeýçiniň geçiren şaýbasy ses berlişigiň netijeleri boýunça 55,1% ses gazandy we Kolambusyň öňki hüjümçisi Rik Neşiň Koýotsyň derwezesine geçiren şaýbasyndan öňe geçdi.

Ýene degişli makalalar

Mary döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlanýar, ilata motorly çöle çykmak gadagan edilýär
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi
Panama kanal demir ýolunyň açylmagy