Honda täze Prologue krossowerini görkezdi

Honda täze Prologue krossowerini görkezdi

Ýaponiýanyň Honda ulag öndürijisi ABŞ-da täze Prologue krossoweri bilen tanyşdyrdy, ol markanyň model hatarynda CR-V modelinden bir basgançak ýokarda durar. Bu barada Honda-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Täze Prologue-niň teker bazasynyň ululygy (3094 mm) CR-V- iňkiden 40 sm diýen ýaly uzyn, bu bolsa sürüji we ýolagçylar üçin goşmaça giňişligiň bolmagyny üpjün edýär.Elektriki priwodly awtoulag General Motors amerikan konserni tarapyndan elektromobiller üçin işlenip taýýarlanan Ultium platformasynda gurlan. Ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze ulagdan başga-da,​ Cadillac Lyriq we Chevrolet Blazer EV hem onuň bazasynda durýar.

Ulag öndüriji onuň tehniki häsiýetnamalaryny heniz takyk aýtmakdan saklanýar. Diňe bir zat belli, ol hem Honda Prologue-niň baza enjamlaşdyrylyşy 11 dýuýmlyk ekranly mediaulgama eýe bolar we doly priwod bilen üpjün ediler.​

Ýene degişli makalalar

Honda iki elektromobil hödürlär
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
General Motors bilen Honda elektromobilleriň täze modellerini bilelikde çykarmak barada ylalaşdy
Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar
Toyota toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli zawodlaryny togtadýar
Awtoulaglaryň global önümçiligi peselýär, bahalary galýar