Toyota toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli zawodlaryny togtadýar

Toyota toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli zawodlaryny togtadýar

Toyota iýun aýynda öz önümçiligini 100 müň awtoulaga çenli gysgaldar diýip Reýter habar berýär. Maýyň ahyrynda we iýunyň başynda kompaniýanyň dünýä boýunça, umuman alanyňda, 10 zawodynda konweýerler togtadylar. Bu uzak wagtdan bäri ýarym geçirijiler bilen bagly dowam edip gelýän meseleler bilen baglydyr, şol mesele sebäpli köp sanly awtoulag kompaniýalary öz modellerini çykarmagy sazlaşykly ýola goýup bilmän gelýärler.

Şeýle-de bolsa, Toyota heniz ulaglary goýbermegiň taýýar bahasyny üýtgetmedi — 2022-nji ýylyň martyndan 2023-nji ýylyň marty aralygy döwür içinde ýapon kompaniýasy öz ähli zawodlarynda 9,7 mln töweregi awtoulagy goýbermegi meýilleşdirýär.

2021-nji ýylyň jemi boýunça hut Toyotanyň dünýäde iň iri ulag öndüriji bolandygyny — kompaniýanyň 10,49 mln ulag (konserne girýän ähli brendler hasaba alynýar) goýberendigini bellemegimiz gerek.Bu 2020-nji ýyla garanda 10% oňatdyr.

Ikinji ýerde 8,3 mln netije bilen (2020-nji ýyldaka garanda 7% pes) Volkswagen AG barýar. Üçünji ýerde bolsa Amerikanyň General Motors-y barýar: 6,29 mln (- 8%). Şeýle hem top-5 ulag öndürijileriň hataryna Stellantis (5,29 mln, +4%) we Honda (4,12 mln, - 6%) konsernleri girdi.

Ýene degişli makalalar

Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Elektroulag kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar
16 milliona ýetdi
Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy