Hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda, Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramçylygyň we ony mynasyp garşylamagyň möhümdigini belläp, Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeler berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu işleriň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini hem-de innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, binagärlik we şähergurluşyk babatda iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hususan-da, Aşgabatda bina edilen “Diwan” myhmanhanasynyň içki bezeg işleri, otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy we ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň aýratynlyklary barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň paýtagtynyň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemleýändigini belledi.Ak mermerli Aşgabat milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleri tamamlanan merjen paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň özboluşly binagärlik keşbe eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu toplumyň döwrüň talabyna laýyk derejede ulanylmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneler mynasybetli ulanylmaga beriljek täze binalaryň açylyş dabaralary bilen bagly möhüm wezipelere ýene-de bir ýola ünsi çekip, maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 3 müň 300 telefon nokatlarynyň 600-si internet toruna birikdirildi
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär
Daşoguzda güýzki arpany ekmek üçin 1 müň gektar bölünip berildi
Daşoguzly daýhanlar her gektardan 15 sentner mäş ýygmagy maksat edinýärler
Daşoguzda gektar başyna 15 sentnerden mäş hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär