Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler

10-njy maýda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül dessesi gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Kasri Millat köşgüne gelýär. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli mübärekleýär.

Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Kasri Millat köşgüne geçmäge çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Ynanyşykly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan uly kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Dabara tamamlanandan soňra, Kasri Millat köşgünde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Türkmenistan Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti täjikleriň milli gahrymanyny hatyralady
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl