Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Düýn 28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy.

Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar.

Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.Arkadagly Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we täze — 2024-nji ýylda ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň binasyna baryp, guralan sergi bilen tanyşdy. Şeýle hem, bu ýerde Täze ýyl mynasybetli guralan dabara hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Aşgabatda ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Altyn balyjak atly Täze ýyl şüweleňiniň ilkinji görkezilişi boldy