Hormatly Prezidentimiz YHG-niň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy

Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň paýtagtyndaky Yslam Karimow adyndaky halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi adamlary we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde çykyş edip, Aşgabadyň guramanyň çäklerinde ykdysady täsirini ösdürmek baradaky garaýşyny beýan eder.

Häzirki wagtda Türkmenistan YHG başlyklyk edýär.Bu guramanyň geçen, 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi. Ýurdumyzyň gurama başlyklyk eden döwründe söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energiýa pudaklarynda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda YHG-niň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli konsepsiýa işlenip düzüldi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijesinde jemleýji resminama Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary başlandy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş sapary bilen barar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Türkmenistana Prezidenti Özbegistana iş sapary bilen barar