Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak üçin, sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine bardy.

Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, Daşkent şäheriniň häkimi Ş.Umurzakow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmenistan gazetiniň elekron nusgasynda habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşkende saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de döwlet Baştutany YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde çykyş edip, bu halkara guramanyň işi we sebit meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarydyr başlangyçlaryny beýan eder.

Maglumat hökmünde bellesek, 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan döredilen bu iri guramanyň agzalygyna 1992-nji ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň kabul edilmegi bilen, ol öz gerimini giňeldip, işini has-da ilerletdi.

Guramanyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary agza döwletleriň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, olaryň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny gazanmakdan, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmakdan, şeýle-de ählumumy abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr.

Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky meseleler il-ýurt bähbitlerine 'ters gelýär'
Türkmenistan wekiliýetiniň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşmagy we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanly okuwçylar küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ýene iki medal gazandylar
Aşgabatda GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy kabul edildi