Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Düýn 27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň däp bolan netijeli dialoga ygrarlydygyny tassyklap, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we GIZ söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Russiýa Benzin Eksportuny Gadagan Etdi
Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar