“Howa Goranyş Ulgamlary Ukrainanyň Howpsuzlygyna Goýlan Iň Uly Maýa Goýum”

“Howa Goranyş Ulgamlary Ukrainanyň Howpsuzlygyna Goýlan Iň Uly Maýa Goýum”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurtlaryna berlen her bir howa goranyş ulgamynyň howpsuzlyklary taýdan diýseň möhümdigini nygtady.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, howa goranyş ulgamlarynyň Ukrainanyň howpsuzlygyna goýlan iň uly maýa goýumlardygyny nygtady.

Zelenskiý, “2024-nji ýyl, Ukrainanyň howa giňişliginiň Russiýa üçin ýapyljak ýyly bolmaly. Ukraina berlen her bir howa goranyş ulgamy howpsuzlygymyz taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Wladimir Zelenskiý, howa goranyş ulgamlary sebäpli bosgunlaryň Ukraina yzyna dolanjakdygyny, şeýlelikde ýurduň ykdysadyýetiniň ýaňadandan ösmäge başlajakdygyny ýatlatdy.

Zelenskiý, 2022-nji ýylda Russiýanyň gözegçiligi astyna geçen Ukrainanyň territoriasynyň ýarysyndan gowragyny yzyna alandyklaryny nygtap, “Rus flody, 2023-nji ýylda Gara deňiziň esasy böleginden yzyna çekilmeli boldy. Russiýa indi raketa we ularmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guramakdan ýüz öwürer. Şeýlelikde ýenişe tarap gideris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Russiýa-Gyrgyzstan Bilelikdäki Howa Goranyş Ulgamyny Döreder
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Ysraýyl, Germaniýa “Arrow 3” Raketa Goranyş Ulgamyny Satar
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi