“Ukrainadaky Döwrebap Howa Goranyş Ulgamlarynyň Sany Artdyrylmaly”

“Ukrainadaky Döwrebap Howa Goranyş Ulgamlarynyň Sany Artdyrylmaly”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Wolnýans şäherçesine guran hüjümden soň beren beýannamasynda ýurduna döwrebap howa goranyş ulgamlarynyň berilmelidigini nygtady.

Wladimir Zelenskiý, Zaporožýe sebitine guralan rus hüjüminde 2-si çaha 7 adamyň ýogalandygyny we ýaralananlaryň bardygyny mälim etdi.

Ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildiren Zelenskiý, “Gynansakda ýogalanlaryň sany artyp biler. Rus hüjümleri sebäpli şäherlerimize uly zeper ýetirilýär. Emma munyň hötdesinden gelmegiň ýollary bar. Terrorçylary ýerinde ýok etmek we rus raketalaryny hatardan çykarmak üçin Ukrainadaky döwrebap howa goranyş ulgamlarynyň sany artdyrylmaly” diýdi.

Russiýanyň 29-njy iýunda Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Zaporožýe sebitiniň Wolnýansk şäherçesinde guran hüjüminde 7 adamyň ýogalandygy, 8-i çaga 31 adamyň hem ýaralanandygy habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: Russiýada 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda we konteýner gämisine hüjüm guradyk
Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
Stambulda SAHA 2026 Goranyş we awiasiýa sergisi açyldy
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi
TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady