Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady

Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady

Huawei kompaniýasy Nova 10 Pro smartfonynyň önümçilige goýberilendigini resmi taýdan tassyklady. Huawei Nova 10 Pro 6,7 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edilip, 120 Gs täzelenme ýygylygyny göterýär. Käbir maglumatlara görä, Nova 10 Pro smartfony iki fokusly 60 MP frontal kamera bilen üpjün edildi, şeýle-de gurluş ekranyň astynda barmak yzyny skanerleýjä eýe bolar diýip, megaobzor.com belleýär.

Yzky panelde 50 MP RYYB esasy datçikli üç kameradan ybarat ulgam ýerleşdirilipdir. Gürrüňlere görä, Nova 10 Pro 5G goldawy bolmazdan, Snapdragon çipsetine esaslanýar. Akkumulýatoryň sygymy belli däl, ýöne 100 Wt kuwwatly zarýad berijiniň bolmagyna garaşylýar. Huawei Nova 10 seriýasy barada has jikme-jik maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynda mälim ediler. Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň resmi anonsy 4-nji iýula meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär
Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy
“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy
Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Huawei täze nesil maýyşgak smartfonunyň önümçiligine başlady