Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy

Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy

Dünýäde iň uly kameraly smartfon - 1 dýuýmlyk şekil datçigi bilen enjamlaşdyrylan "Sharp Aquos R6" tanyşdyryldy. Bu barada msn.com habar berdi.

"Sharp Aquos R6"-daky şekil datçiginiň “Mi 11 Ultra”-da ulanylandan has uludygy bellendi. Ýadymyzda bolsa, “Mi 11 Ultra”-da optiki formatda 1/1,12 dýuýmlyk "Samsung GN2" datçigi oturdylypdy.

Gyzykly tarapy, iň uly şekil datçikli “Sharp Aquos R6”nyň iň ýokary mümkinçiligi 20.2 megapikselden aňry geçmedi.Smartfonyň kamera ulgamynda 3D ToF moduly hem bar. Ýeri gelende aýtsak, kamerada “Leica Summicron” obýektiwi ulanylýar. “Sharp Aquos R6”-nyň galan aýratynlyklary hem öňe tutarlyk bar.

Onda “Snapdragon 888” prosessory, WUXGA+ durulykly (2730x1260 piksel) we kadr ýygylygy 240 Hz bolan 6,6 dýuýmlyk süýndürilen OLED ekrany ornaşdyrylypdyr.Enjam 5000 mAh akkumulýator bilen hem üpjün edilipdir.

Smartfonyň satuwynyň iýun aýynyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Ýuka hem çeýe smartfon öndürer
Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady