“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy

“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy

Şu gün Ýaponiýanyň “Sony” korporasiýasy fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny resmi taýdan tanyşdyrdy.ferra.ru-nyň habar bermegine laýyklykda, “Xperia Pro-I” 1,0 ölçegli kamera matrisaly we fazany kesgitleýän awtofokus ulgamy bilen göçme surata düşmek üçin özboluşly enjamdyr.

Täze smartfon 2,4 mikrometr piksel meýdany 1,0 dýuýmlyk datçik bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa ýagtylygyň pes şertlerinde hem düşürilýän suratyň dury bolmagyna mümkinçilik berer.

“Xperia Pro-I” smartfonunyň iki režimi bolup, Videography Pro reportaž surata düşürmesi üçin, Cinematography Pro bolsa wideolaryň üstünde işlemek üçin niýetlenendir. “Xperia Pro-I-iň” esasy aýratynlygy sekuntda 120 kadrda 4K wideo ýazgysyny etmäge mümkinçilik berýänligidir.

Mundan başga-da, smartfonda sanly kamera ýaly goşmaça ekran görnüşinde wideo blogger monitory bar.Smartfon 6,5 dýuýmlyk OLED ekrany bilen enjamlaşdyrylyp, “Qualcomm Snapdragon 888” platformasy bilen işleýär we onuň batareýasynyň kuwwaty 4500 mAh deňdir. Öndüriji hünärmenleriň bellemegine görä, Xperia Pro-I çyn kamera ýalydyr.

Täze samrtfonuň bahasy 1800 dollar diýlip bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Huawei Nova 10 Pro smartfonynyň çykarylýandygyny resmi taýdan tassyklady
Sharp iň uly kameraly smartfony tanyşdyrdy
Xiaomi täze smartfony bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär
Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi