Hulusi Akar Harby-howa güýçleriniň täze uçuş tälim ýyly bilen bagly dabara gatnaşdy

Hulusi Akar Harby-howa güýçleriniň täze uçuş tälim ýyly bilen bagly dabara gatnaşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar 1-nji uçarmanyň ýerine oturan "Goja Ýusup" diýip tanalýan A400M kysymly uçar, täze uçuş tälim ýylyndaky ilkinji uçuşyny üstünlikli ýerine ýetirdi.

Operasiýa we ynsanperwer kömekleriň daşalmagy bilen birlikde, soňky gezek Owganystandaky harbylaryň ewakuasiýasyna hem gatnaşan uçara Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüz tarapyndan dolandyrylan harby uçar ýoldaşlyk etdi.

Harby-howa serkerdeliginiň täze uçuş tälim ýyly, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde 12-nji Harby-howa trasnportynyň baş bazasynda geçirilen dabaradan soň başlady.

Dabarada çykyş eden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda möhüm operasiýalar geçirýändigini belläp: "Umumy operasiýalaryň aýrylmaz bir bölegini emele getirýän Harby-howa serkerdeligimiziň hem operasiýalarda hem-de parahatçylykly wezipelerde gazanan üstünlikleri hemmeler tarapyndan mälimdir.

Soňky gezek bolsa Owganystandaky ewakuasiýa işlerini hem tehniki hem dolandyryş hem-de halkara gatnaşyklaryň çäginde uly üstünlik bilen ýerine ýetirdiňiz" diýip habar berdi.

Goranyş senagatynda ýetilen sepgidiň hem üstünde durup geçen Akar: "Ok-därimizi, dikuçarlarymyzy, uçarmansyz howa ulaglarymyzy, ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyzy, gaubisalarymyzy, MILGEM taslamalarymyzy dizaýn edýäris, öndürýäris we eksport edýäris. Nesip bolsa ýakyn wagtda Milli söweşjeň uçarymyzy hem öndüreris we islendik ýagdaýdaky daşary ýurtlara bolan garaşlylygymyzdan azat bolarys" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Eýrana garşylyk görkeziljekdigini aýtdy
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
BAE: "Ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna bardy" diýdi
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi
Iordaniýada harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde iki adam ýogaldy
Italiýa raýatlaryna Ukraina bilen bagly çagyryş berdi
Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi