Hytaý 2028-nji ýyla çenli dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagy mümkin

Hytaý 2028-nji ýyla çenli dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagy mümkin

Hytaý 2028-nji ýylda dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagy mümkin diýip, Beýik Britaniýanyň Ykdysady we işewür gözleg merkeziniň (CEBR) şenbe güni çap eden ýyllyk hasabatynda habar berilýär. Ozalky çaklamalar bilen deňeşdirilende, Hytaý bu sepgide 5 ýyl öň ýetip, ABŞ-dan öňe geçer. Bu bolsa iki ýurduň COVID-19 pandemiýasynyň täsirini ýeňip geçmek depgini bilen bagly bolup durýar.

CEBR-iň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, pandemiýanyň Günbatar ýurtlarynyň ösüşine ýetirjek uzakmöhletleýin täsiri we Hytaýyň pandemiýa döwründe “ussatlyk bilen dolandyrmagy” bu ýurduň öňe geçmegine itergi berer.

Ykdysady taýdan ösen beýleki döwletleriň köpüsinden tapawutlylykda, Hytaýyň Hökümeti tarapyndan berk çäreleriň dessine girizilmegi ýokanjyň täzeden ýaýramagy sebäpli ikilenç berk çäreleri girizmek zerurlygy ýüze çykmady.Bu bolsa öz gezeginde dünýäniň iň gür ilatly ýurduna 2020-nji ýylda çökgünligi ýeňip geçmäge ýardam berdi diýip, hasabatda bellenilýär. 2021-nji ýyldan başlap ABŞ-nyň dünýä JIÖ-sinde paýynyň peselmegi we netijede Hytaýyň dünýäde iň kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurt adyna eýe bolmagyna getirer diýip çak edilýär.

2022-2024-nji ýyllarda ABŞ-nyň ösüş depginleri her ýyl 1,9%-e çenli we ondan soňky ýyl 1,6%-e çenli peseler.

Johns Hopkins uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly iň köp kynçylyk gören ýurt bolup, ol ýerde 330 müňden gowrak adam ýogaldy we 19 milliona golaý adam keselledi.

Ýene degişli makalalar

Hünärmenler dünýä ykdysadyýetiniň çalt dikelýändigini belleýärler
TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi
Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy