Hytaý deňiz suwlaryny süýjediji taslamany durmuşa geçirýär

Her gün deňiz suwundan 10 müň tonna süýji suw öndürip bilýän uly süýjediji desga, Hytaýyň Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde işe girizildi. “Shougang Jingtang United Iron & Steel Co., Ltd.” tarapyndan gurlan deňiz suwuny süýjediji taslama, suwuň esasy sarp edijisi bolan ýurduň polat pudagynda senagat taýdan öňe gidişlik hökmünde baha berildi.

Desga deňiz suwunyň süýjedilmeginde termiki we membran çemeleşmeleri ulanýar diýip, kompaniýanyň energiýa we daşky gurşaw bölüminiň işgäri Çan Bo aýtdy.

Kompaniýa, deňiz suwunyň süýjedilmegi netijesinde alnan süýji suwy polat öndürmekde we kompaniýanyň işgärleriniň öý zerurlyklary üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Deňiz suwuny süýjediji desga polat guýýan zawodlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Netijede, zawodlar öz önümçiligini ekologiýa taýdan arassa etmek üçin köp mukdarda deňiz suwuny ulanyp, peýdalanylan ýylylygyny gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

The post Hytaý deňiz suwlaryny süýjediji taslamany durmuşa geçirýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN
Kosmosda bäsdeşlik ýitileşýär
2021-nji ýylyň esasy kosmiki taslamalary
ТУРКМЕНИСТАН И МЕЖДУНАРОДНЫЙ СОЮЗ АВТОМОБИЛЬНОГО ТРАНСПОРТА НАМЕРЕНЫ РАСШИРЯТЬ СОТРУДНИЧЕСТВО
Uçýan taksileri satyn alar