Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly gurlar

Özbegistanyň Samarkant şäherinde Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Hytaýyň ulag ministrleri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň Gyrgyzystanyň içinden geçýän bölegini gurmak hakynda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çäklerinde bu ýurda baran ýokary derejeli wekilleriň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýär, resminamalara gol çekilýär.

Demir ýoluny gurmak baradaka şertnama Gyrgyzystanyň ulag we aragatnaşyk ministri Erkinbek Osoýew, Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow, Hytaýyň ösüş we özgertmeler boýunça döwlet Geňeşiniň başlygy He Lifen gol çekdiler. Üç ýurdy birikdirýän demirýol Torugart-Arpa-Mahmal-Jelalabad ugurlary boýunça geçer.

Ýene degişli makalalar

Pekin Aşgabatdan 250 mlrd kub metr gaz alandygyny aýdyp, nyrh barada dymýar
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Türkmenistan daşary ýurtlulary koronawirus barlagyndan geçmäge we tölemäge mejbur edýär
IMPORTANCE OF TURKMENISTAN’S PERMANENT NEUTRALITY DISCUSSED AT INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE FORM OF A VIDEO CONFERENCE
Dabarany Keke Palmer alyp barar
“Booker” baýragynyň gysga sanawy
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy