Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer

Hytaý Halk Respublikasy 3,7 milliard amerikan dollary möçberinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek eder. Bu barada HHR-iň Başlygy Si Szinpin şu gün Sian şäherinde geçirilen birinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammitinde aýtdy diýip, Ria Nowosti habar berýär.

— Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüşine kömek etmek üçin, 26 milliard ýuan (3,7 milliard dollar) möçberinde maliýe kömegini we muzdsuz goldawy berer — diýip, HHR-iň Sinhua habarlar agentligi Si Szinpiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Hytaý Lideri şeýle hem Merkezi Aziýada iş alyp barýan hytaý kompaniýalaryny sebitde has köp iş orunlaryny döretmäge höweslendirjekdigi barada aýtdy.

Belläp geçsek, birinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti Hytaýyň Sian şäherinde Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Oňa hormatly myhmanlar — Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak baradaky meseleler maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky Dostluk seýilgähinde nar ekdi
Ikinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti Gazagystanda geçiriler