Hytaýda gök soganly kofe meşhurlyk gazanýar

Hytaýda gök soganly kofe meşhurlyk gazanýar

Göräýmäge, gök sogan we kofe biri-biri bilen alyşmaýar, emma gök sogan goşulan latte kofesi Hytaýda giňden ýaýran.

Towuk aýaklary, gowrulan serçe we alakalar, gaýnadylan pyşbaga çorbasy we palak ýumurtga... Hytaýda geň naharlar kän, emma siz olary hödür etseler-de iýmersiňiz. Emma indi bu ýurtda ýene bir geň tagam peýda boldy, ol soganly kofe diýip, Oddity Central neşirine salgylanýan vfokuse.mail.ru ýazýar.

Bu içgi barada geçen aýda belli boldy, ony taýýarlamak üçin ilki gök soganyň birnäçe bölegini bulgurda mynçgylamaly, soňra buz, süýt we kofe goşmaly-da üstüne kän gök ot sepmeli.

Bu içgini kimiň oýlap tapandygy belli däl, ýöne ony kofehanalaryň köpüsi teklip edip başladylar.

Jemgyýetçiligiň bu içgä garaýşy dürlüçe. Kimler ony asla içmek meýliniň ýokdugyny nygtasa, kimler dadyp görmek isleýändigini, emma agzyndan sogan ysynyň gelmeginden ätiýaçlanýandyklaryny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda mal we towuk etleri gymmatlady
Garaşsyz neşir: Sarymtyl reňkdäki towuk eti satuwa çykaryldy
Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy
Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary
Öňki prezidentiň saparyna taýynlanýan Lebapda arzan azyk önümleri peýda boldy
Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri
“Uolles bilen Gromitiň” dowamy bolar